Hakyky!!! Bu ÿagty jahanda ÿeriñ ÿüzinde, Her-hili zat gördüm zemin düzünde. Namartlar durmaÿar beren sözünde, Üÿtgeÿär peselÿär haly dünÿäniñ. Kimseler duz diÿip işleÿär aryp, Kimseler haramyñ astyny dörüp. Harammy, halalmy äsgermän asla, Iÿÿäler haramy duzuna garyp. Halal zähmet ojagyñy gül eder, Ÿüzüñ ÿere salmaz, bir saÿrak bilbil eder, Haramyñ elinde gezseñ gul bolup, Barja ÿygnanyñy ahyr kül eder. Merdana ÿigitler hiç zatdan gaçmaz, Bir beren sözünden ölsede geçmez. Syryñy paş edip hiç kime açmaz, Daÿanjy şolardyr yzaly dünÿäniñ. Ÿalan söz köpelÿär assadan assa, Çyn söze degmeÿär bir ÿalan desse. Adamlar ÿoldaşyn aldaÿyp gezse, Ynamy galmaÿar pany dünÿäniñ. Maşgalañ galasy erkekden durÿar, Erkekleñ käbiri aÿalyn urÿar. Şeÿdip zenanlarmyz gün-günden solÿar, Şolar dälmi eÿsem güli dünÿäniñ?! Onda, şonda weÿran bolsa bu dünÿä, Gaharyñ gazabyñ derdinden synÿar. Sebäbi uly howp gahardan inÿär. Sowuk ganlylykdyr jany dünÿäniñ. Erkiñ alyp daşyna çykaÿsa gahar, Ÿaralar ÿüregi aÿdylan zäher. Şol pursat hiç zada aklyñ ÿetmeÿär, Soñra ötünç sorasañda bitmeÿär. Gyzlarymyz gyzÿar modadan moda, Darajyk geÿinip çykÿalar ÿoda, Düşünmän köpüsi bagt diÿen zada, Keÿpini görÿäler däli dünÿäniñ. Hany sabyr, kanagatly läleler, Utanç-haÿa nirde sizde balalar? Ÿene gahar etÿärsiñiz sumjaryp, Dogry ÿoly görkezende danalar. Türkmeniñ gelin-gyzy bolmalydyr arassa, Agraslygyñ saklagyn oglan gülüp seretse. Her bir şirin söz aÿdan yüregiñizi eretse, Onda wagtyñ geçirer her bir äri dünÿäniñ!

Теги других блогов: philosophy poetry Turkmen literature