Gannalyn oyunda - Tejende galdy Menin yigit wagtym, senin gyz wagtyn Okgechmez yylgynlan ichinde galdy Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn Bir yandan urushdy bir yandan hasrat Hasrat bolchulykdy hezillik gahat Shol yowuz yyllara gelipdi gabat Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn Dariler yanyardy ys kopelyardi Gidyanler gelyanden has kopelyardi Toylar azalyardy yas kopelyardi Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn Soyushmek dushmejek yalydy yada Emma soygi diyen jadyly zada Hokum etmez eken hich-hili kada Heniz yigit wagtym, heniz gyz wagtyn Diyerdim "Geregim, chen boldy oylan!" Ahli boydashlaryn bashlary boglan Sen diyerdin"Garrap baryarmyn oglan? Awman oz wagty bar, Sabryn oz wagty" Boynundan gelerdi jennelin ysy Goynundan urardy tummulin ysy Deminden kukardi mun gulun ysy Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn Kem-kemden golaylap lebine lebim Chapyrap bashlanda demine demim Naz bilen iterdin "hany edebin? Soygi bulashmazmy edep az wagty?.." Onushmaly bordum sachlaryn ysgap Leb gadagan wagty olam bir hasap Yone beyle hasap dushmezdi ansat Hasap yityan eken dyzba-dyz wagtyn Chykarmy yadyndan shol tasin pursat Chykjak bolaysa-da bermerin rugsat Gursagmyn ustunde gursuldap gursak Ketenin ichinde Gyzyl koz wagtyn Sho mahal yokardan geldi bir owaz Seretsem toranny urup dur perwaz "Ashyklar yene-de sabr edin biraz, Gormandim sayamyn beyle yaz wagtyn!" Derya hem seslendi "Etman atiyach, Size kast etjege taparyn alach. Sizin kimin birek-birege matach Gorupdim ne derya ne tekiz wagtym" Asmanda pel-pellap bir goja burgut Gygyrdy " Siz juda mynasyp jubut. Yone weli gysha galayma yigit Miwe yetishdimi yygna guyz wagty" Tokay burgudinden alyp ak pata Gysha galmazlyga edipdik wada Ya sen sada boldun ya-da men sada Birden tupan gopdy dunyan yaz wagty Bilmedim namanin hesibi boldy Enen bir sawchynyn yesiri boldy Sheytdi-de ozganin nesibi boldy Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn Atdylar mashyna, Ses etdin aglap Topuldym, Chekdiler golumdan towlap Bir menzile gitdim yzyndan ylgap Gok kurtelem bolsan heniz gyz wagtyn Bir gujak alyn sach, bir gujak chokul Uch gujak orum sach, on gujak akyl Shuncha hazynany bir kurta bukup Yitdin gozlerimden danyn saz wagty Dogry ay yarymdan dolandyn sen son On menkidin weli menki dal onson Shonda men diyipdim "Sen bagtly bolsan, Hema menin bagtym, hemem oz bagtyn" Sho bada yuzunde gorundi unji Gozlerinden gachdy uch sany hunji Son gachdy dordunji, onson bashinji Sholdy in mert wagtyn, in ejiz wagtyn "Icherde otursam-Yuregim gysyar Dasha chyksam-asman depamden basyar" Shu goshgyn henizem bagrymy kesyar Tas shahyr bolupdyn chuwalgyz wagtyn Tas shahyr bolupdyn, bordunam belkem Shahyrlyk yangyndan bashlanyan eken Yene gaydyp gitdin, sowashdym kem-kem Shonda-da kuwwat sen her yalnyz wagtym Kim bolsa-da sana satashan kishi Chagalan bagtyna sag bolsun bashy Yone sen bashyna salaysa gyshy Gija owrulmezmi on gundiz wagty Chumdirse eline yekeje tiken Shol tiken mun bolup bagryma choker Shygryma dushuner yshk yukun cheken Chekmedik yitirer oz eziz wagtyn Yene shuny bilsin ol bagtly oglan Beyle gyz dogmandy, indi hem dogmaz Dogsa-da yuz yyldan bir gezek doglar Onda-da saherin in tamiz wagty Arada aylandym Tejen yerlerne Yashlyk yyllarmyzyn gechen yerlerne Seredip gozyashyn sechen yerlerne Gechirdim bir gije bir gundiz wagtym Gannaly hem otyr onki yerinde Toranny hem otyr onki yerinde Shol derya hem yatyr onki yerinde Bir tapmadyk zadym onki yerinden Menin yigit wagtym, senin gyz wagtyn.

Теги: Gannalyn oyun Tejende

Теги других блогов: Gannalyn oyun Tejende